Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon Aşgabada bardy


Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon iş sapary bilen Türkmenistana bardy. Ol Türkmenistanyň lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirer.

Şol duşuşyklarda aýratynam energetika pudagy maslahat ediler.

Täjik döwlet ýolbaşçysynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, Imomali Rahmon 9-njy hem 10-njy oktýabrda Türkmenistanda bolýar.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda Berdimuhamedow we Imomali Rahmon öňki gol çekilen ylalaşyklaryň baryşyna serederler.

Aýratynda her ýylda Türkmenistandan beriljek 1 milliard 200 million kelowat elektro-energiýanyň Täjigistana beriliş meselesine serediler.

Täjigistan güýz hem gyş aýlarynda elekterik-energiýasyna mätäçlik çekýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG