Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni we türk ýolbaşçylary geçirilen ýaryşdan razy


Ermeni we türk ýolbaşçylary bu iki ýurduň milli futbol komandalarynyň arasynda oýnalan ýaryşa bilelikde tomaşa edenden soňra sözlän sözlerinde, bu çäräniň iki ýurduň aragatnaşygynyň kadalaşýanlygynyň alamatydygyny aýtdylar.

Mundan ozal Ermenistanyň prezidenti Serj Sarkisýan bu ýaryşa tomaşa etmek üçin Türkiýäniň Bursa aeroportyna baranda, ol Türkiýäniň Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly tarapyndan garşylandy.

Soňra Sarkisýan bilen Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül iki ýurduň milli futbol komandalarynyň arasynda oýnalan ýaryşa bilelikde tomaşa etdiler.

Sarkisýan bu ýaryşdan soňra eden çykyşynda, bu hili çäräniň geçirilmegi ady agzalýan ýurtlaryň nämeler gazananlygyny aňladýar diýdi.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bolsa bu ýaryşyň ady agzalýan goňşylaryň öz aragatnaşygyny kadalaşdyrmak üçin eden tagallasyny aýan edýänligini mälim etdi.

Bu çäre iki ýurduň aragatnaşygyny kadalaşdyrmak üçin ýakynda Şweýsariýada gol goýulan ylalaşygyň yz ýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG