Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda Owganystan we Päkistan barada pikir alşyldy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonuň Owganystan we Päkistan boýunça strategiýasy barada pikir alyşmak üçin düýn ýokary derejeli amerikaly ýolbaşçylar bilen duşuşdy.

Obama, Owganystan boýunça strategiýasyny we bu ýurda goşmaça harby iberip-ibermezlik baradaky kararyny geljek hepdeleriň dowamynda yglan etjekdigini mälim etdi.

Düýnki geçirilen ýygnak, Obamanyň bu region boýunça strategiýasy bilen bagly ýolbaşçylar bilen geçiren bäşinji duşuşygydyr.

Amerikaly wekiller şu ýyllyň ahyryna çenli Owganystana 68 müň töweregi goşmaça esgeriň iberiljekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG