Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklary gozgaldy


Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklarynyň audit-barlagyny geçiren Gaffneý, Klaýn & Assoşeýts atly britan kompaniýasy şu gün Türkmenistan bilen baglanşykly ýörite metbugat beýanatyny ýaýratdy.

Bu beýanatda kompaniýanyň Günorta Ýoleten/Osman hem-de Ýaşlar ýataklarynda audit-barlag işlerini geçirendigi tassyklanýar.

Beýanatda şol barlaglaryň Türkmengeologiýa döwlet edarasynyň beren maglumatlary esasynda geçirlendigi hem aýdylýar.

Şeýlelikde, bu beýanat Günorta Ýoleten /Osman ýatagyndaky gaz ätiýaçlyklarynyň 4-trilliondan 14 trilion kub metr aralygynda bolmagynyň mümkündigini, Ýaşlar ýatagynyň zapaslarynyň bolsa 0,3-den 1,5 trillion kub metr aralygynda bolup biljekdigini, bu baradaky maglumatlaryň Gaffneý, Klaýn & Assoşeýts kompaniýasy tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde tassyklanandygyny ýene bir gezek ykrar edýär.

Metbugatda soňky ýaýradylan maglumatlarda, Türkmenistanyň zapaslary barada berilen maglumatlaryň gaplaşdyrylan bolmagynyň mümkindigi hakdaky pikirler öňe sürülipdi.
XS
SM
MD
LG