Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Ermenistana satýan gazynyň bahasy arzanlar


Ermenistanyň tebigy gaz boýunça kompaniýasy, Orsýetiň Ermenistana satýan gazynyň bahasynyň arzanlajakdygyny habar berdi.

Şu ýylyň aprel aýynda gazyň bahasy her müň kub merti üçin 110 dollardan 154 dollara ösupdi. Gazyň her müň kub metriniň bahasynyň 200 dollara ýetjekdigine garaşylýardy.

Emma “Kommersant” gazetiniň beren maglumatlaryna görä, Ermenistana satylýan gazyň bahasy, 2010-njy ýylyň apreline çenli her müň kub mertri üçin 180 amerikan dollarynda kesgitlenipdir.

Muny spesialistler dünýa bazarynda gazyň bahasynyň pese düşmegi bilen düşündirýärler.


XS
SM
MD
LG