Şeýle wideogözegçiler şäheriň iň bir gatnawly köçelerinde, jemi 30-dan gowurak ýerlerde goýuldy. Olar gije-gündiziň dowamynda awtoulaglaryň hereketine gözegçilik edýärler.
Wideogözegçi köçe-ýol hereketini bozan islendik awtoulagyň belgisini surata alýar. Suratyň gapdalynda bolsa şol awtoulagyň köçe-ýol hereketini bozan pursadyndaky wagty jikme-jik ýazýar. Bu maglumat bolsa poçta arkaly köçe-ýol hereketini bozan sürüjä iberilýär.
Köçelerde goýlan bu wideogözegçilerden halk gaty hoşal. Sebäbi öňi «00, 01, 02» belgi bilen başlanýan ministrleriň we olardan-da has ýokary ýolbaşçylaryň sürüjileri ozal gyzyl çyrada hem arkaýyn geçip gidip bilýärdiler. Göz-görtele köçe-ýol hereketini bozandygyny görseler-de, Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri olary saklamakdan çekinerdiler. Bu bolsa kä halatda köçe-ýol heläkçiliginiň ýüze çykmagyna-da getirip bilýärdi.
Emma wideogözegçiler üçin ministrem bir, sada raýatam. Olar ähli düzgün bozmalary belleýärler we ibermeli ýerine iberýärler.
Wideogözegçiler herekete ýaňy işe giren halaty bir aýyň dowamynda 700 manat (köne pulda 3 500 000) we ondan-da köp pul jerime tölän ministrleriň sürüjileri boldy.
Şäheriň köçelerinde ýokary tizlikde sürmegi endik edinen ministrleriň sürüjileri, kynlyk bilenem bolsa, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge mejbur boldular.