Ýerli gurluşykçylaryň güýji bilen etaž jaýlarynyň daşynyň suwagy «türk suwagy» görnüşinde ýerine ýetirilýär. Ilat arasynda ýörgünli söz bolan «türk suwagy» gaty gymmat hem ýokary hilli suwagdyr.
Aşgabat şäher häkimliginiň tagallalary bilen amala aşyrylýan bu düýpli abatlaýyş işleri paýtagtyň ýaşaýjylaryny gaty şatlandyrdy.
Suwag işlerinden daşary jaýlaryň üçegi hem täzelenilýär. Mundan başga-da, her otagyň köçe tarapa çykyp duran penjirelerine ses geçirmeýän PWH aýnalary oturdylýar. Bularyň hemmesi döwletiň hasabyna mugt amala aşyrylýar.
Magtymguly şaýolunyň ugrundaky jaýlaryň abatlaýyş işlerini ýurduň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň 18 ýyllygyna çenli doly taýyn edip gutarmak göz öňünde tutulýar.
Ýaşaýjylara şunuň ýaly ýokary derejede hyzmat soňky 18 ýylyň içinde ilkinji gezek amala aşyrylýar.