Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranyň ýadro programasy boýunça ylalaşygyň proýekti hödürlendi


Birleşen Milletler Guramasynyň Atom agentligi Eýrana hem-de Wenadaky gepleşiklere gatnaşan beýleki 3 döwlete Tähranyň ýadro programasy bilen bagly ylalaşygyň proýektini taýýarlap hödürländigini mälim etdi.

Bu ylalaşyk hepdäniň anna günine çenli tassyklanmaly diýlip maglumatda aýdylýar.

Bu barada Muhammet al Baradeý şu gün Wenada ABŞ-niň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Eýranyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň jemleri jemlenenden soň çykyş edip aýtdy.

Hepdäniň duşenbe güni başlanan bu gepleşiklerde Eýranyň atom elektrostansiýalary üçin zerur bolan urany Orsýetde hem Fransiýada baýlaşdyrmak meselesine garaldy.
XS
SM
MD
LG