Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Lebap welaýatyna bardy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Lebap welaýatynda tarp ýerli massiwde iki ýyl mundan öň döredilen Döwletli etrabynyň merkezindäki obýektleriň açylyş dabarasyna gatnaşypdyr.

Etrap häkimliginiň jaýy häzirki zaman tehnikasy, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Bu ýerde şol gün 200 orunlyk medeniýet öýüniň, 90 orunlyk çagalar bagynyň, 320 orunlyk mekdebiň, saglyk öýüniň, keselhananyň, aragatnaşyk kärhanasynyň binalaryny Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda açypdyr.

Aragatnaşygyň iň täze enjamlary ornaşdyrylan aragatnaşyk bölüminde poçtanyň, gepleşik nokadynyň. Internet kafeniň bardygyny, mobil aragatnaşygynyň ýola goýlandygyny TDH gullugy ýazýar.

Türkmenistanyň prezidenti şol gün Çärjewde (häzirki ady Türkmenabat) ýüplük egiriji fabrigiň açylyş dabarasyna-da gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG