Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ýadroly Demirgazyk Koreýa bilen kadaly gatnaşmaz


Ýadro ýaragyna eýe bolan Demirgazyk Koreýa bilen kadaly gatnaşyklary ABŞ hiç haçan saklamaz - diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton aýdypdyr.

Onuň sözlerine görä, öz ýadro progarammasyny doly ýok etmek ýoluna ymykly çykmak üçin degerli çäreler görýänçä, Waşington Phenýanyň garşysyna sanksiýalaryny gowşatmaz.

Şol bir wagtda-da Hillari Klinton ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa bilen gepleşiklere taýýardygyny, ýöne Demirgazyk Koreýa tarapynyň gepleşikler stoluna gaýdyp gelmeginiň ýeterlik däldigini nygtapdyr.

Ýarym ýyl mundan öň Günorta Koreýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Orsyetiň we Ýaponiýanyň gatnaşmagyndaky öz ýadro programmasy boýunça halkara gepleşiklerden Demirgazyk Koreýa çykypdy.
XS
SM
MD
LG