Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Günorta akym” turba proýekti maslahatlaşylýar


Şu gün Peterburgda Orsýetiň, Italiýanyň we Türkiýäniň premýer-ministrleri duşuşar.

W.Putin, Silwio Berluskoni hem Rejep Erdogan “Günorta akym” gaz turba proýektini amala aşyrmagy maslahatlaşarlar - diýip, ITAR-TASS agentligi habar berýär.

Şol turba arkaly Orsýet gazy Türkiýä hem Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlaryna akdyrylar. Proýekte Italiýanyň ENI kompaniýasy gatnaşýar.

Onuň gurluşygyny tamamlamak 2015-nji ýylyň soňuna planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG