Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskini goldap, aksiýa geçirmäge synanyşyldy


Öten agşam Moskwada Gyzyl Meýdanda oppozisiýa wekilleri Mihail Hodorkowskini goldap, aksiýa geçirmäge synanyşypdyrlar.

Hodorkowskiniň tussag edilmeginiň 6 ýyllygyna gabatlap, olar “Orsyet üçin ýitirilen 6 ýyl”, “Bir adam hemmeler üçin” diýip ýazylan transportantlary göteripdirler. ,

Häkimiýet wekilleri rugsat berilmedik aksiýanyň öňüni alypdyrlar hem 4 adam saklanypdyr.

Mundan öň ÝuKOS-yň öňki ýolbaşçylary Mihail Hodorkowskini hem Platon Lebedewi goldap, onlarça adam Moskwada piket geçiripdi. Hodorkowskiý hem Lebedew ykdysady jenaýatlarda aýyplanyp, 8 ýyllyk türme jezasyny çekýärler.

Olaryň garşysyna ikinji sud prosessi dowam edýär, Günä bildirilýänler özleriniň bigünädigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG