Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt graždanlary Türkmenistanyň orden-medallary bilen sylaglandy


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygy mynasibetli Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurt graždanlarynyň birnäçesini Türkmenistanyň orden-medallary bilen sylaglady.

“Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen orden bilen Orsýet Ylymlar Akademiýasynyň antropoligiýa we etnologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Wiktor Sarianidi, “Gaýrat” medaly bilen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Zeki Pektaş, “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen BMG -nyň ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Alekseý Tihomirow hem Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi Sulta-Zada Wahdet Mamed aga ogly sylaglandy.
XS
SM
MD
LG