Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Morel: “Bize anyk netijeler gerek”


ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel.
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel.

Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistana garşy girizen sanksiýalarynyň ýatyrylmagy meselesi bilen baglanşykly ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel bilen Azatlyk Radiosy söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşlikde jenap Morel bu barada gelnen karara nämäniň sebäp bolandygyny düşündirýär.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Birliginiň Özbegistanyň garşysyna girizilen sanksiýalary turuwbaşdan gowşak diýip tankytlanypdy. Aýdylyşy ýaly hem gowşak bolup çykdy. Onuň Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna eden täsiri ýok diýerlik. Şu wagt 2005-nji ýylyň maý aýy bolsady, siz Özbegistanyň garşysyna sanksiýa girizmek pikirini goldarmydyňyz ýa-da, siziň pikiriňizçe, bu bir ýalňyş işmidi?

Piýer Morel:
Sanksiýalar gowşakmydy ýa gowşak dälmidi, bu barada siziň başga pikirlerde bolmagyňyz mümkin. Ýöne ol Ýewropa Birliginde durýan 27 döwletiň şol wagtky wakalary göz öňünde tutup, bu aşa çylşyrymly temada ilerlemek üçin toparlaýyn gelen netijesiniň beýanydy. Biz köp ilerledik.

Ýene bir gezek aýdaýyn, muny käbir adamlaryň halamaýan bolmagy mümkin. Ýöne siz Ýewropa Bileleşiginiň 27-nji oktýabrda çykaran beýannamsyny okap görüň, onda agzalýan zatlara serediň. Bular gury sözler däl.

Azatlyk Radiosy: Özbegistanda tutulan adam hukuklaryny goraýan aktiwistleriň we žurnalistleriň sanynyň türmeden boşadylanlardan köpdügini gördük. Muny siz-de bilýärsiňiz. Ýewropa Bileleşigi hem munuň özüni aladalandyrýandygyny aýtdy. Siziň pikiriňizçe, sanksiýalar ýatyrylman saklansa, gowy bolmazmydy?

Piýer Morel:
Ikisini-de gördük. Türmeden boşadylanlar-da boldy. Muňa hatda şübeheli garaýanlar-da geň galdylar. Olar özleriniň bu işe garaşmandyklaryny aýtdylar. Bu biziň tutanýerli tagallamyzyň netijesi.

Ikinjiden-de siz ýene sanksiýa meselesine dolanyp gelmekçi bolsaňyz, men bir zady ýadyňyza salaýyn. Sanksiýalar bu adamyň ýa ol adamyň tutulandygyna garşy gönükdirilen zat däl. Olar 4 ýyl mundan ozal Andijanda bolan pajygaly waka sebäpli girizildi. Biz şonuň bilen baglanyşykly elimizden gelenini etmäge synanyşdyk. Ol wagt indi geçdi. Aramyzda tapawutly garaýyşlar, alada-ünjüler şindi-de bar. Ýöne eden işimiz az däl.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Geňeşi galanja sanksiýalary ýatyrmak kararyna geldi. Ol bu kararyny hem özbek häkimiýetlerini kanunyň häkimligi we adam hukuklary ýagdaýyny gowulandyrmaga höweslendirmek diýip delillendirdi. Siz dogrudan-da bu iş Özbek häkimiýetlerini höweslendirer öýdýärmisiňiz? Olar siz şeýle ediň, biz-de käbir reformalary geçireli diýip, siz bilen söwdalaşdylarmy?

Piýer Morel: Biz söwda-satyk edemzok. Biz ýeke Özbegistan däl, özbaşdak döwletler bilen iş salyşýarys. Adam hukuklary barada Hytaý bilen dialog alyp barýarys. Adam hukuklary barada Orsýet we Orta Aziýanyň ençeme ýurtlary bilen dialog alyp barýarys. Bu bir öndümli dialog. Özi-de kyn iş. Biz muňa begenemzok, diňe çynlakaý netijelere garaşýarys.

Azatlyk Radiosy: “Amnesty International” bilen “Human Rights Watch” regiona ýaramaz täsiri bolar diýip, siziň bu kararyňyzy ýiti tankytlady. Muňa näme diýýärsiňiz?

Piýer Morel: Meniň olara-da aýtjagym, size ýaňky aýdanlarym. Dört ýyl mundan ozal agzalmadyk zatlary sanap geçmegim biziň prosese başlandygymyzy aňladýar. Käbir adamlaryň bu ýeterlik däl, käbirleriniň hem bu ýaraşykly däl diýip, pikir etmegi mümkin. Ýöne hakykat biziň atlara, kararlara, kanunlara we konwensiýalara salgylanyp bilýändigimiz. Şu ädimler bilen tekste garap, köpräk, anygrak wadalar bolar diýip, umyt edýäris.

Özbegistanda ýaňyrak çaga zähmeti hakdaky faktlar ýüze çykdy. Konwensiýalar oňlanyldy. Ýöne anyk gerimlere seretmeli. Biz näme diýilse ynanyp ýören sada ýa samsyk däl. Bize anyk netijeler gerek.
XS
SM
MD
LG