Duşenbe güni Pakistanyň polisiýasy ýurduň Rawalpindi şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda azyndan 30 adamyň ölendigini habar berdi.
Soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda Pakistanda amala aşyrylan şular ýaly bomba partlamalarynda jemi 250 töweregi adam öldi. Pakistanyň häkimiýetleri bu hüjümleri ýurduň demirgazyk-günbatarynda talyp söweşijilerine garşy alnyp barylýan harby operasiýalara garşy talyplaryň ar alyş çäresi diýip häsiýetlendirýärler.
Bu wakalaryň fonunda Pakistanyň häkimiýetleri ýurtdaky talyplaryň lideri Hekimullah Mehsudy ele salmaklyga ýa-da ony öldürmeklige ýardam etjek maglumat üçin 5 million dollar pul sowgadynyň beriljekdigini yglan etdiler.