Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerzeý prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi


Duşenbe güni Owganystanyň Saýlaw Komissiýasy prezidentlige dalaşgär Abdylla Abdyllanyň saýlawa gatnaşmajakdygyny yglan etmeginiň yzy bilen, 7-nji noýabrda geçirilmegi planlaşdyrylan prezidentlik saýlawlarynyň ýatyrylýandygyny mälim etdi.

Şu ýagdaýy göz öňünde tutubam, Saýlaw Komissiýasy Hamyt Kerzeýi prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi diýip yglan etdi.

Hamyt Kerzeýiň bäsdeşi Abdylla Abdylla düýn ikinji tapgyr saýlawlaryň azat hem-de adalatly geçiriljekdigine ynam etmeýändigini aýdyp, öz kandidaturasyny yzyna alýandygyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG