Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa orsýetli hukuk goraýjy aktiwiste baýrak berdi


Azatlyk Radiosynyň Ors gullugynyň maglumatyna görä, orsýetli weteran hukuk goraýjy aktiwist Lýudmila Alekseýewa Germaniýanyň Hyzmat Ordenine mynasyp boldy.

Germaniýanyň Orsiýetdäki ilçihanasynyň maglumatyna görä, bu baýrak Alekseýewanyň demokratik gymmatlyklary we adam hukuklaryny goramak boýunça alyp baran işleri bilen bagly berilýär.

Bu sylagy gowşurmak baradaky dabara Germaniýanyň Moskwadaky ilçihanasynda penşenbe güni geçiriler. 82 ýaşyndaky Alekseýewa Moskwanyň Helsinki toparynyň ýolbaşçysydyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG