Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ýüzlerçe işgärini wagtlaýynça Owganystandan çykarýar


Şu gün Birleşen Milletler Guramasy Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, bu ýurtdaky öz daşary ýurtly işgärleriniň ýüzlerçesini wagtlaýynça ýurduň territoriýasyndan çykarýandygyny mälim etdi.

Hususan-da, BMG-niň resmileri 600 töweregi işgäriň has howpsuz ýerlere, aglaba bolsa, Owganystanyň daşyna çykaryljakdygyny habar berdiler. Häzirki wagt Owganystanda Birleşen Milletler Guramasynyň 5600-e golaý işgäri iş alyp barýar. Olardan aglabasy Owganystanyň öz raýatlary.
XS
SM
MD
LG