Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal deprekçi Rişat Şafi aradan çykdy


«TurkmenistanRu» internet gazýeti düýn türkmenistanly belli «Güneş» ansamblynyň tanymal deprekçisi Rişat Şafiniň 57 ýaşynyň içinda aradan çykandygyny habar berdi.

Maglumata görä, Rişat Şafi Moskwada estrada ýyldyzlarynyň futbol boýunça nobatdaky türgenleşik çäresi wagtynda tarpa-taýyn aradan çykypdyr.

Türkmenistanda doglan Rişat Şafi 1980-nji ýyllarda «Güneş» ansamblynyň düzüminde özüniň deprek çalmakdaky adatdan daşary zehini we başarnygy bilen, uly meşhurlyga eýe bolupdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ol Moskwada ýaşamak bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýüzlerçe konsert programmalary bilen çykyş etdi.

Geljek ýyl Rişat Şafi «Güneş» ansamblynyň 40 ýyllyk ýubileýini Moskwada uly dabara bilen bellemekligi planlaşdyrýardy.

Azatlyk Radiosynyň kollektiwi merhumyň dogan-garyndaşlaryna öz çuňňur gynanjyny bildirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG