Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abbasyň geljek ýyl geçiriljek saýlawalara gatnaşmazlygy çagyrylydy


Şu gün Arap Ligasynyň Baş sekretary Emr Mussa Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasy geljekki ýylyň ýanwarynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmezlige çagyrdy.

Mahmud Abbas ýakynda eden çykyşynda özüniň geljekki prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmajakdygyny yglan edipdi. Ol munuň sebäbini Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylygy ornaşdyrmak meselesinde ösüşiň ýoklugy bilen düşündiripdi.

Mahmud Abbasyň bu soňky beýanatyna Ysraýyl tarapyndan häzirlikçe hiç hili reaksiýa bolmady.
XS
SM
MD
LG