Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazetlere ýazdyrylyşyk dowam edýär


Şu günler ýurduň gazet-žurnallaryna ýazdyrylyşyk güýçli depginde dowam etdirilýär.

Beýleki döwletleriňkä garanyňda Türkmenistanda ýurtda neşir edilýän gazet-žurnallara halkyň özi meýletin ýazylman, eýsem olary ýazylmaga mejbur edýärler. Býujet edaralarynda işleýän işgärler hökmany suratda azyndan 3 sany metbugat neşirine ýazylaýmaly. Eger metbugat neşirlerine ýazylmakdan ýüz öwürjek bolsalar, onda olara ýurduň syýasatyny goldamaýan hökmünde garap, wakany syýasatlaşdyrmakdan hem gaýtmaýarlar.

Köp tiraž—uly çykdajy

Häzirki wagtda Türkmenistanda neşir edilýän A2 formatdaky 4 sahypadan ybarat bolan gazetiň arassa çykdajysy 1 000 manat. (Täze pulda 20 teňňe). Gazetiň poçta hyzmatlary üçin bolsa ýaňky 1000 manadyň üstüne ýene 300 manat goşulýar. Gazetiň öz bahasy bolsa 500 manat. (Täze pulda 10 teňňe). Netijede her gazet üçin hökümet arassa 800 manat töweregi zyýana galýar.

Bu ýöne diňe gazetiň çaphana hyzmatlaryny göz öňüne tutanyňdaky döwlete gelýän zyýanlardyr. Ýöne mundan daşary hökümet her gazetiň işgäri üçin aýlyk hakyny, galam hakyny hem býujet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrýar. Bir gazetiň redaksiýasynda bolsa ortaça 30 adam işleýär. Olaryň ortaça bir aýlyk haky bolsa 200 dollar töweregidir. Bu bolsa ýekeje gazeti saklamak üçin hökümete diňe ullakan bir çykdajy bolup durýandygyny görkezýär.

Diňe býujetiň hasabyna çykýan gazetlerden başga, ýurtda neşir edilýän «Türkmen sporty» gazeti hem-de «Habarlar» reklama gazeti hojalyk hasaplaşygyndaky neşirler bolur durýar. Bu gazetleriň her biriniň bahasy 4000 manatdyr. Şu puluň içinde gazetiň çykdajysy hem-de işgärleriň aýlyk haklary jemlenendir.

Bulardan başga-da hususy gazetler bolan «Zaman¬—Türkmenistan» we onuň garamagyndaky «Biznes Reklama» gazetleri hem öz hasabyna çykýan neşirlerdir.

Ýokarda agzalan öz hasabyna çykýan bu gazetlere döwlet tarapyndan hiç hili ýardam edilmeýär. Ýagny, abuna ýazylyşyk döwründe bu gazetler üçin raznarýadka berilmeýär. Halk bu neşirlere islegine görä ýazylmaly. Beýleki neşirleriň bolsa hökmany suratda ýazylmaly mukdary görkezilýär. Şol berlen plan bolsa hökmany suratda ýerine ýetiriläýmeli.

Gazet-žurnallara isleg ýok

Döwlet tarapyndan gazet-žurnallara ýazylmaga ýeňillikleriň döredilýändigine garamazdan, ilat abuna ýazylmaga hiç bir babatda döwtalap däl. Munuň esasy sebäbi bolsa türkmen metbugatynyň ilatyň göwnünden turaýjak makalalary çap etmeýänligindendir.

Ýurtda neşir edilýän gazetleriň içinde häzir iň köp tiražly «Türkmen dili» gazetidir. Onuň tiražy 100 müňden geçýär. Gazetiň tiražynyň gaty ýokary bolmagy onuň bahasynyň juda arzanlygyndadyr. Hepdede bir gezek neşir edliýän bu gazetiň bahasy 200 manat (täze pulda 4 teňňe).

Haçanda býujetde işleýänlere aýlyklaryny alan wagty hökmany suratda azyndan üç gazete ýazylmaklyk aýdylanda, olaryň ählisi, ilkinji nobatda iň arzan gazet bolan «Türkmen dili» gazetini saýlap alýarlar. Bu gazetiň alty aýlygynyň bahasy 5 müň 200 manatdyr.

"Aňsatjak sypaýmarsyňyz"

Býujet işgärleriniň içinde abuna ýazylyşygy döwründe mekirlik etmäge hiç hili şert ýokdur. Her bir işgär azyndan 3 neşire ýazylmaly diýlende hepdede bir gezek çykýan iň arzan neşirleriň üçüsini saýlap, aňsat sypaýmak mümkin däldir. Eger-de sen mugallym bolsaň, onda 6 aýlyk bahasy 40 müň manat bolan «Mugallymlar gazetine» hökman ýazylaýmaly.

Aşgabat şäherinde ýaşaýan bolsaň, onda ýene 40 müň manat çykaryp, «Aşgabat» gazetine-de ýazylmaly bolarsyň. Eger-de Marydy ýaşaýan bolsaň, onda «Maru-Şahu-Jahan» gazetine ýazylmaly. Ýaşaýan sebitiňe görä, şol ýeriniň gazetine ýazylmak seniň borjuň. Partiýanyň agzasy bolsaň, onda «Galkynyş» gazetine ýazylmak hem seniň borjuňdyr.

Halk ýüregindäkini saýlaýar


«Türkmen sporty», «Zaman-Türkmenistan» gazetlerine hökmany ýazylmaly diýlen borçnamanyň ýokdugyna garamazdan, ilat köpçüligi beýleki hökmany ýazylmaly neşirler bilen birlikde bu gazetlere hem abuna ýazylýarlar. Ýogsa olaryň bahasy beýleki gazetlerden 6-7 esse gymmat hem.

«Zaman-Türkmenistan» gazetine ýazylmaga ilatyň höwes bildirmeginiň sebäbi bu neşirde gyzykly makalalaryň, daşary ýurt habarlarynyň, gyzykly hekaýalaryň, diskussiýalaryň yzygiderli çap edilip durulýanlygy bilen düşündirse bolar.

«Türkmen sporty» gazeti bolsa iki dilde, ýagny rus hem türkmen dillerinde, neşir edilýär. Bu gazet «Türkmen sporty» diýip çyksa-da, ony köplenç «Sowetskiý sport» hem diýip atlandyrýarlar. A3 formatda sekiz sahypa bolup çykýan bu gazetde esasan, daşary ýurt sport gazetleriniň, hususan-da ors gazetleriniň sahypalarynda çap bolan makalalaryň göçürilip berilmegi bu neşire ilat arasynda şeýle adyň berilmegine getirdi. Ýöne ilat hut şu daşary ýurt gazetleriň sahypalaryndan göçürilip çap edilýän makalalar üçin hem bu neşire höwes bilen ýazylýar.

Onda-da ýazylmaly

Abuna ýazylyşygy döwründe, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, her bir býujet işgäriniň ýazylmaly hökmany gazeti bolup durýar. Adamlar bolsa, munuň gaty gülkünç ýagdaýa hem getirýändigini aýdýarlar.

Eger-de bir maşgalada 5 sany býujetden aýlyk alyp işleýän adam bolsa, onda bu maşgalanyň 5 sany agzasy ýaşaýan ýerine görä, hökmany suratda, ilkinji nobatda «Aşgabat» gazetine ýazylmaly. Olaryň barysy mugallym bolaýsa, onda «Mugallymlar gazetine-de» ýazylaýmaly. Ählisi dempartiýanyň agzasy bolsa, onda «Galkynyş» gazetem hökmany. Netijede bir öýe bäş sany «Aşgabat», bäş sany «Mugallymlar gazeti», bäş sany hem «Galkynyş» gazeti gelip gowuşýar.

Eger-de olaryň birinden-biri bu ýagdaýy düşündirjek bolaýsa, onuň gepi diňlenmez. Ýazylmaly diýildimi, hökman ýazylaýmaly.

Häzir ýurduň gazet-žurnallaryna ýazylmaklyk güýçli depgine geçdi. Dekabryň 20-sine çenli öňde goýlan planlar artygy bilen doldurylaýmaly. Wagt bolsa kän däl.
XS
SM
MD
LG