Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygy bellenildi


Germaniýanyň paýtagty Berlini ikä bölen diwaryň ýykylmagynyň 20 ýyllygy düýn şol ýerde halkara liderleriň gatnaşmagynda geçirilen dabara arkaly bellenildi.

Şol dabara Berliniň Brandenburg derwezesiniň golaýynda döredilen 1,5 kilometr uzynlygyndaky emeli diwaryň Polşanyň öňki prezidenti Leh Walesa tarapyndan ýykylmagy bilen başlady.

1980-nji ýyllarda döredilen Polşanyň raýdaşlyk kärdeşler arkalaşygy hereketiniň düýbini tutujylaryndan biri bolan Walesa, biri-biriniň arkasynda gurlan uzyn haýatyň birinji daşyny özi ýykdy.

Soňra biri-biriniň üstüne ýykylyp başlan bu emeli haýatlar Berlin diwarynyň ýykylmagyndan soňra Gündogar Ýewropada ýerleşýän komunistik režimleriň yzly-yzyna ýykylmagyny ýaňsytdy.

Bu dabara bilen bagly eden çykyşynda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Sowet Soýuzynyň iň soky lideri Mihail Gorbaçýowyň “perestroýka” syýasatynyň bu diwaryň ýykylmagynda esasy rolunyň bolandygyny aýdyp, oňa öz mennetdarlygyny bildirdi.

Merkel bu barada eden çykyşynda, şu günüň hemmeler üçin şatlykly bir gün hökmünde kabul edilmegine esasyň bardygyny aýtdy.

“Şonuň üçin bu biziň üçin gaty owadan bir gündir. Brandenburg derwezesinde bu güni Germaniýanyň ilaty şatlyk bilen garşa alýan häzirki döwürde, bu diňe biziň üçin däl, tutuş Ýewropa üçin dabaraly bir gündir. Bu Orsýetden başlap tutuş dünýäniň has köp erkinlikde ýaşaýan adamlary üçin hem şatlykly bir gündir. Şunlukda men, şeýle ýere gadam basmaga bize ýardam eden ähli adamlara sag bolsun aýdasym gelýär” diýip, Germaniýanyň kanseleri Angela Merkel aýtdy.
XS
SM
MD
LG