Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deprekçi Rişad Şafi şu gün iň soňky ýoluna ugradyldy


Meşgur sazanda-deprekçi Rişad Şafi şu gün iň soňky ýoluna ugradyldy. 4-njy noýabrda 57 ýaşynda aradan çykan Rişad Şafiniň dostlary, tanyşlary, käbir orsýet sazandalary, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň wekilleri we birnäçe žurnalist ony soňky ýoluna ugratdylar.

Rişat Şafi Moskwanyň etegindäki Bogorodskoýe gonamçylygynda jaýlandy.

1996-njy ýyldan bäri Moskwada ýaşan Rişad Şafi şu ýylyň bahar aýlarynda Türkmenistana sapar etdi we Türkmen atlarynyň baýramçylygynda konsert berdi.

“Rişat Şafiniň bu sapary Türkmenistanyň prezidentiniň şahsy çakylygy boýunça amala aşyryldy”, diýip “Watan” atly rus-türkmen dostlugy jemgyýetiniň ýolbaşçysy Maksat Saparmuradow aýtdy.
XS
SM
MD
LG