Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli harby ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Waşington Owganystana goşmaça harby iberip-ibermezlik baradaky kararyny ýakyn wagtda yglan eder.
Bu pikiri General Deýwid Petraus prezident Barak Obamanyň howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli maslahatçylary bilen Owganystan barada täze strategiýany kabul etmek boýunça geçirilýän ýygnaga gatnaşmazdan öň CNN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Mundan öň Ak tam prezident Obamanyň ençeme gün dowam etjek sapar boýunça penşenbe güni Aziýa gitjekdigini we şonuň üçin bu baradaky kararyň ýakyn wagtda yglan edilmejekdigini aýdypdy.