3G ýa-da 3-nji nesil diýlip tanalýan Halkara Mobil Telearagatnaşyk-2000 (IMT-2000), Halkara telearagatnaşyk birleşigi tarapyndan kesgitlenen mobil aragatnaşyk standartynyň bir görnüşidir. Bularyň arasyna GSM EDGE, UMTS we CDMA2000 hem-de DECT we WiMax hem girýär.
Hödürlenýän hyzmatlar giň çäkli simsiz telefon aragatnaşygy, wideo aragatnaşyk we mobil aragatnaşyklar üçin elýeterli bolan araçäklerde simsiz usullar arkaly maglumatlary bermekden ybaratdyr.
2G ýa-da 2,5G bilen deňeşdirilende, 3G gepleşik we maglumat hyzmatlaryndan şol bir wagtyň özünde peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Halkara telearagatnaşyk birleşigi tarapyndan kesgitlenen 3G mobil aragatnaşyk standartlary ösüşi güýçlendirmek, aragatnaşyk tolkunlaryny ýokarlandyrmak we mobil hyzmatlaryň ugurlaryny köpeltmek üçin ýola goýuldy.
Häzirki wagtda giňden ulanylýan mobil telefon standarty bolan GSM diňe bir sesleri ibermän, 3G arkaly maglumatlary hem ýetirip bilýär we munuň ýükleýiş tizligi bolsa 14,4 kbp/s –e çenli ukyply.
Häzirki wagta çenli “Altyn Asyr ” Öýjükli Aragatnaşyk Kärhanasynyň 150-müňden gowrak müşderleri bar. Kärhana jemi 114 sany Baza telefon stansiýalary bilen üpjün edilipdir.
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, ýurtdaky internet sistemasynyň daşarky kanallarynyň tizligini ýokarlandyrmak boýunça Amerikanyň "TATA" kompaniýasy bilen Trans Azia-Ýewropa optiki süýümli halkara magistral aragatnaşyk sistemasynyň üstünden 155 Mbit/sek tizlikde, Litwa Resbublikasynyň "Sat Gate UAB" kompaniýasy bilen bolsa hemra aragatnaşy arkaly 80 Mbit/sek tizligi amala aşyrmak işleri dowam edýär.