Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana garşy girizilen sanksiýany dowam etdirer


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama Eýrana garşy Waşington tarapyndan girizilen ykdysady sanksiýanyň möhletini ýene bir ýyl uzaltdy.

Ak tamyň maglumatyna görä, Obama bu mesele bilen bagly Kongrese iberen düşündirişinde Tähran bilen Waşingtonuň aragatnaşygynyň heniz hem kadalaşmanlygyny we şonuň üçin bu sanksiýanyň dowam etdirilmelidigini aýtdy.

Ýanwar aýynda häkimiýet başyna geçenden soň, Obama Eýran bilen diplomatik aragatnaşygy ýola goýmaga synanyşdy. Emma Eýranyň ýadro programmasy boýunça Günbatar bilen bu ýurt ylalaşman gelýär.

Obamanyň bu baradaky çykyşy Nýu Ýorkda ýerleşýän 4 metjit we 36 gatdan ybarat döwlete degişli bolmadyk bir gurama degişli binany hökümetiň haýryna geçirmek barada iş alnyp barylýan mahalyna gabat geldi.

Şol edaralaryň Eýranyň hökümeti bilen baglanşygynyň bardygy şübhe edilýär. Beýleki aýyplamalar bilen bir hatarda, Alawi fondy atly bu gurama Eýranyň hökümetiniň haýryna bikanun ýollar arkaly pul jemleýänlikde hem aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG