Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hawel Mahmal rewolýusiýasynyň 20 ýyllyk dabarasyny açýar


Ozalky çeh prezidenti Waslaw Hawel Pragada 1989-njy ýylda Çehoslowak kommunist režimini agdaran Mahmal rewolýusiýasynyň 20-nji ýyl dönüminiň dabarlaryny açdy.

Şenbe güni agşam Pragada bolan baýramçylyk konsertinde amerikaly aýdymçylar Lou Rid, Suzanne Wega we Jon Baez dagy bu rewolýusiýanyň öňüni çeken dramaturg hem öňki syýasy tussag Haweliň hormatyna aýdym aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, öňki sowet lideri Mihail Gorbaçýow we german kansleri Angela Merkel dagy hem bu dabara wideo gutlaglaryny iberdiler.

Birleşen Ştatlar Owganystana 20 sany transport uçaryny berýär

Owgan hem amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň harbylary gelýän iki ýylyň içinde Owganystana 20 sany täzeden enjamlaşdyrylan transport uçaryny berer. Ol uçarlaryň ikisi, iki sany S-27A uçary eýýäm Owganystana getirildi.

Birleşen Ştatlaryň goşun generaly, Owganystandaky amerikan komandiri Stanliý MakKristal Kabulda geçirilen dabarada 20 uçaryň galan 18-siniň 2011-nji ýyla çenli getiriljegini aýtdy.

Owganystanyň howa güýçleri häzirki zaman uçarlaryna gaty mätäç.
XS
SM
MD
LG