Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýokary derejeli wekili Aşgabada barýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jorj Krol "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2009" atly halkara sergä gatnaşmak üçin Aşgabada gelýän ABŞ-nyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk eder. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ABŞ-nyň ýörite wekiliniň baş geňeşçisi Daniel Steýn Ilçi Krol bilen bilelikde onuň köp duşuşyklaryna gatnaşar.

Ilçi Krol köp sanly ikitaraplaýyn meseleler, şeýle hem energetika meselesi boýunça gepleşikler geçirmek üçin birnäçe ýokary derejeli türkmen hökümet wekilleri bilen duşuşyk geçirer.
XS
SM
MD
LG