Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Hytaýyň prezidenti bilen gepleşmek üçin Pekine geldi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Hytaýa saparynyň dowamynda Şanhaýdan Pekine geldi.

Ol şu gün hytaýly kärdeşi Hýu Žintao bilen nahar başynda duşuşýar.

Iki lideriň sişenbe güni söwda, Eýranyň hem Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmalary, klimat özgermesi ýaly meseleler boýunça gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Obama şu gün Şanhaýda eden çykyşynda Hytaý bilen Birleşen Ştatlar duşman bolmaly diýip öňünden kesgitlenen zat ýok diýdi.

Obama prezident hökmünde Aziýa ilkinji saparyny edýär.
XS
SM
MD
LG