Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda saýlaw prosessiniň halkara standartlary boýunça maslahat geçirildi


Düýn Türkmenistanyň prezident edarasynyň ýanyndaky Demokratiýa we Ynsan hukuklary baradaky institutyň maslahatlar zalynda «Saýlaw prosessiniň halkara standartlary» ady bilen ýörite Tegelek stol maslahaty geçirildi.

Tegel stol maslahatyna Türkmenistanyň Parlamentiniň, käbir ministrlikleriniň, kanunçylyk institutlarynyň, saýlaw komissiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu Foruma ekspert hökmünde Birleşen Milletler guramasynyň Ösüş programmasynyň kanunçylyk meseleleri boýunça halkara konsultanty Daniel Finniň hem çagyrlandygy habar berilýär.

«Türkmenistan Altyn asyr» internet saýtynyň maglumatyna görä, bu Tegelek stol maslahatyna gatnaşyjylar bu Forumda saýlaw prosesiniň halkara standartlary bilen ýakyndan tanyşdyrylypdyr.

Käbir synçylar halkara standartlary bilen baglanyşykly Türkmenistanda geçirilýän şuňa meňzeş çäreleriň, adatça, iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylman, diňe kagyz ýüzünde galýan çäreler bolýandygyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG