Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Memorial guramasynyň aktiwisti Gyrgyzstandan deportasiýa edildi


Düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Memorial guramasy bu guramanyň aktiwisti Bahrom Hamroýewi düýn Gyrgyzstanyň häkimiýetleriniň ýurtdan deportasiýa edendiklerini habar berdi.

Memorial guramasynyň maglumatyna görä, Gyrgyzstanyň häkimiýetleri Bahrom Hamroýewe kanun tarapyndan gadagan edilen yslamçy Hizb ut-Tahrir guramasyna agzalykda hem-de bu gurama üçin içalyçylykly işler alyp barýanlykda aýyplama bildiripdirler.

Memorial guramasynyň Merkezi Aziýa programmasynyň direktory Witaliý Ponomarýow jenap Hamroýewiň şu hepdäniň çarşenbe güni Gyrgyzstanyň günortasynda polisiýa tarapyndan tussag edilip, düýn hem onuň uçar bilen Moskwa ugradylandygyny aýtdy.

Witaliý Ponomarýowyň aýtmagyna görä, Bahrom Hamroýew Gyrgyzstanda dini kemsitmeler bilen baglanyşykly ýagdaýlary öwrenmek boýunça iş alyp barýan eken.
XS
SM
MD
LG