Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aeroportuň töwereginde turýan başagaýlyk


Aşgabadyň Çoganly, Şor, Garadamak obalarynyň üstünden her gün diýen ýaly samolýotlar uçýar. Adamlar samolýotlaryň güwwüldisi bilen öwrenişip gidipdirler. Ýöne olar soňky döwürde çykan üýtgeşik nysak bilen hiç öwrenişip bilenoklar.

Ýokary derejedäki döwlet ýolbaşçylary paýtagtyň aeroportundan ýurduň welaýatlaryna ýa-da daşary ýurtlara sapara gidenlerinde Çoganly, Şor, Garadamak obalarynyň töwereginde başagaýlyk başlanýar. Şäheriň merkezine barýan esasy ýollaryň barysy ýapylýar. Şeýle bolansoň, okuwa, işe, ýa-da başga zerur hajatlar üçin şähere barmaly adamlar bäş-alty sagatlap garaşmaly bolýarlar.

Ýokary derejedäki döwlet ýolbaşçylarynyň münen samolýoty gözden gaýyp bolýança atlary agzalan bu obalardan adam-a däl, hatda item geçirenoklar.

Ýangyn söndüriji maşynlar ýangyn söndürýärmi ýa-da…


«Beterinden beteri bar». Bu töwerekdäki obalaryň ilatyna başga bir ýagdaý has ýokuş degdi. Döwlet derejesindäki ýolbaşçylar aeroportdan ugramazlarynyň alty-ýedi sagat öňinçäsi Çoganly, Şor, Garadamak obalarynyň daş-töwereginde azyndan dört-bäş sany ýangyn söndüriji maşyn her ýerde-her-ýerde sakçy durýar!

Eýsem ýangyn-beýleki ýok ýerinde olaryň bärlerik urlup girmegine nämeler sebäp bolýar? Ýangyn söndüriji toparlar obalara esewan edýärler. Eger-de nirededir bir ýerde tüsse, hatda tüssejik göründigi bes, ýangyn söndürijiler şol ýerde peýda bolýar.

Şu obalaryň ilaty ýangyn söndüriji maşynlary töwereklerinde gördükleri zagyrdyklaberýär. Şolar barka tamdyra ot goýbermek, ojakda biş-düş etmek, zir-zibil otlamak howply. Adamlar hatda howlularynda çilim çekmäge, otluçöp çakmaga heder edýärler. Çala tüsse göründigi bes. Bir million manat jerimäňi taýýarlaber. Ýangyn söndürijileriň şeýle salgydy garamaýak halka gaty çökder düşýär.

Ýokary derejedäki döwlet ýolbaşçylarynyň samolýotlary gözden ýitensoň, ýangyn söndüriji maşynlaram derrew garasyny saýlamak bilen bolýarlar. Şundan soň tamdyra ot salsaňam, ojak atarsaňam, bedäňi otlasaňam—hiç kimiň işi ýok.

Çoganly, Şor, Garadamak obalarynyň ilaty ýokary derejeli ýolbaşçylaryň aeroportdan uçjak mahaly ýüze çykarylýan şular ýaly başagaýlygyň kime gerekdigine düşünip bilenoklar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG