Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan halk maslahatyna ýaragly toparlaryň wekilleriniň hem çagyrylmagy mümkin


Şu gün Owganystanyň prezident administrasiýasy ýakyn wagtlarda geçiriljek «Loýa Jirga», ýagny umumy halk maslahatyna ýurtdaky ýaragly toparlaryň wekilleriniň hem çagyrylmagynyň mümkindigini mälim etdi.

Bu barada «Roýter» habar agentligine beren interwýusynda prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Hamyd Elmi häzirki wagt ýurduň hökümetiniň bu meseläni ýakyndan öwrenýändigini aýtdy.

Şeýle hem jenap Elmi prezident Hamyt Kerzeýiň bu «Loýa Jirga» maslahatyny iýun aýynda geçiriljek Parlament saýlawlaryndan öň geçirmekligi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG