Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Owganystan hakynda maslahat çagyrýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama özüniň ýokary derejeli geňeşçilerini Owaganystan hakynda maslahata çagyrdy.

Ak tam Obamanyň wise prezident Jo Baýden, Döwlet sekretary Hillari Klinton, goranmak sekretary Robert Geýts we beýleki resmiler bilen maslahat geçirýändigini aýtdy.

Prezident soňky iki aýda Birleşen Ştatlaryň Owganystan baradaky strategiýasyny gaýtadan gözden geçirýär. Onuň Owganystana goşmaça goşun ibermek ýa ibermezlik baradaky karary gelýän iki hepdäniň içinde belli bolar öýdülýär.
XS
SM
MD
LG