Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ABŞ-nyň täze owgan strategiýasyny durmuşa geçirip başlamaga görkezme berdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň täze owgan strategiýasyny durmuşa geçirip başlamaga görkezme berdi hem Orsyetiň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň liderlerini bu işden habarly etdi.

Ak tamyň wekili Robert Gibbs Barak Obamanyň hepdäniň bazar güni öňünden aýtmazdan, Goranmak ministri Robert Geýts hem milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçi Jeýms Jonson bilen duşuşyk geçirendigini žurnalistlere aýtdy.

Owganystandaky koalisiýa boýunça Awstraliýa ABŞ-nyň ynamdar soýuzdaşy bolup galýar - diýip, Awstraliýanyň premýer-ministri Kewin Radd Ak tamda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen gepleşiklerden soň aýtdy.

Owganystanda Awstraliýanyň bir ýarym müň gowrak harby gullukçysy bar.

Owganystana goşmaça 30 müň gowrak müň goşmaça harby gullukçy ugratmak baradaky kararyny Obamanyň şu gün yglan ederine garaşylýar.

Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braun Londonyň Owganystana goşmaça 500 harby gullukçy ugratjakdygyny düýn tassyklady.
XS
SM
MD
LG