Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärdogan Waşingtonda: möhüm meseleler maslahatlaşylar


ürkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan
ürkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan

Şu gün ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak tamda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşar. Duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň ýaranlygy baradaky möhüm soraglar orta atylar diýlip garaşylýar.

Iki lideriň duşuşygy Ýakyn Gündogar syýasaty we Eýrana sanksiýalar boýunça Waşingtonuň we Ankaranyň arasynda tapawutly garaýyşlaryň ýüze çykan wagtyna hem-de Owganystandaky operasiýalar boýunça ýaranlyk güýçleriniň goşan goşmaklary üçin ABŞ-nyň tagalla edýän döwrüne gabat gelýär.

Geçen aý Ankarada çykyş eden ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Filip Gordon, Ärdoganyň Waşingtona saparynyň dowamynda gozgaljak ençeme meseleleriň bardygyny we Eýran, Owganystan, Yrak, Ýewropa Bileleşigi, Ermenistan we Kipr boýunça hem maslahat ediljekdigini mälim edipdi.

Emma gepleşikleriň barşynda möhüm bir sorag, ýagny käbir synçylaryň aýdyşy ýaly, Türkiýäniň Günbatardan ýüz öwrüp-öwürmändigi baradaky sorag gün tertibiniň merkezinde durar. Brýusselde we Waşingtonda bu baradaky aladalar duýulýar.

Eýranyň ýadro ýaraglaryň gözleginde däldigi baradaky Ärdoganyň ýakynda eden çykyşy we Ankaranyň Tähran bilen giňeýän gatnaşyklary bu argumentlere delil görkezilipdi.

Munuň bilen birlikde, adamzada garşy jenaýatlary amala aşyrandygy barada Gagada ýerleşýän Halkara sudy tarapyndan höküm çykarylan Sudanyň prezidenti Omar Al-Başiriň Ystambula resmi sapary planlaşdyrylypdy.

"Kuwwatly we giň gerimli"

Geçen hepde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Lan Kelli ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň “kuwwatly we giň gerimlidigini” aýdanynda, dartgynlygyň hem bardygyny ýaňzydypdy. “Beýle diýmek biziň Türkiýe bilen ylalaşmaýan meselelerimiziň ýokdugyny aňladanok. Biziň ähli ýaranlarymyz bilen ylalaşmaýan meselelerimiz bar we biz olary hem hususy ýollar arkaly hem-de açyk görnüşde maslahat edýäris. Şeýle hem biz premýer-ministr Ärdoganyň sapar edende, gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlary barada pikir alyşmagy göz öňüne tutýarys.”

Ankarada çykyş eden ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Filip Gordon, “tutumyň üýtgandigi baradaky aýdylýanlar, Türkiyede bolup geçýän zatlaryň örän çişirilmegidir” diýip belläpdi.

Emma muňa garamazdan, Gordon halkara ylalaşygy gazanmak üçin ABŞ-nyň edýän tagallalaryna Ärdoganyň käbir beýanatlarynyň oňyn täsir etmeýändigini hem boýun aldy.

Aprel aýynda Türkiýä sapar eden Obama, Eýran bilen bar bolan düşünişmezlikleri ýumşatmak boýunça Ankaranyň pozitiw rol oýnap biljekdigini aýtdy.

Tähran boýunça dartgynlyga garamazdan, Päkistan, Yrak, Ýakyn Gündogar we Owganystan babatdaky ugurlary öz içine alýan daşary syýasat meseleleri boýunça Türkiýe ABŞ-nyň möhüm ýarany bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG