Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protesçylara haýbat atylýar


Eýran häkimiýetleri protestçylara garşy has berk çäre görjekdiklerini aýdyp haýbat atýarlar. IRNA habar gullugynyň beren maglumatlaryna görä, Eýranyň Baş prokurory “ýurduň milli howpsuzlygyna wehim salýanlar rehimsizlik bilen yzarlanarlar” diýipdir.

Soňky iki günüň dowamynda Tähranda hökümete garşy gurnalan protest demonstrasiýalarynda protestçylar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar döreýar.

Bu wakada 200-e golaý adamyň tussag edilendigi habar berilýar.

Eýranyň resmileriniň beren maglumatlaryna görä, tussag edilenlerden 86 adam azatlyga göýberilipdir.

Oppozisiýany goldaýan web saýtlaryň berýan maglumatlaryna görä, düýn 8-nji dekabyrda oppozisiýanyň lideri Mir Hussein Musawi hem häkimiýetler tarapyndan ýanamalara sezewar edilipdir.
XS
SM
MD
LG