Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy


Şu gün Norwegiýanyň paýtagtynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy.

Bu dabarada Nobel baýragyny alan Barak Obama ony çuňňur mindetdarlyk hem kiçi göwün bilen kabul edýandigini aýtdy.

Baýragyň gowşurylyş dabarasynyň öňýanynda geçirilen metbugat konferensiýasynda jenap Obama çykyş edip, bu baýraga özünden has mynasyp adamlaryň bardygyna şübhelenmeýändigini belledi.

Ol parahatçylyk barada Nobel baýragy Martin Luter Kinga gowşurylanda, bu dünýade köp adamy höweslendirip, doktok Kingyň öz watanyndaky pozisiýalşaryny has berkidendigini belledi. Hut şeýle miras üçin biz Nobel komitetine gaty minnetdar diýip Barak Obama aýtdy.

Şeýle hem prezident Obama global howpsyzlygy üpjün etmek, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, howanyň maýyllamagyna garşy göreşmek ýaly wajyp meseleler boýunça alyp barýan işini dowam etdirjekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG