Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze etraplarda kim ýaşar?


«Beýik Galkynyşlar hem Täze Özgertmeler zamanasy» diýip at alan häzirki döwürde Türkmenistanyň her welaýatynda bir täze etrap açyldy. Täze etraplara ilatyň gür ýerlerinden bolan maşgalalar göçürilip eltilmek göz öňüne tutulýar.

Ilata on ýyl bäri jaý, mellek ýer berilmeýär. Şunuň netijesinde her öýde kemala gelen ýaş nesil öý-işik bolup, bir öýde dört-bäş maşgala döredi. Öý ýetmezçiligi sebäpli, maşgaladaky dawalaryň başy jaý meselesi bolup durýar.

Pul toplap bilýänler ilata mugt berilmeli mellek ýeri satyn alýarlar. Kaka etrabynyň merkezinden mellek ýeri almak üçin ýedi müň amerikan dollaryny bermeli. Aşgabadyň etegindäki obalarda bir mellegiň bahasy iki-üç müň dollara çykdy. Iş tapyp, üç million manat aýlyk alyp bilen adam iýmän-içmän ýygnanda bir ýylda iki müň amerikan dollaryny üýşürip bilýär.

Tagtabazarlylar özlerine hem-de Mary welaýatynyň etraplarynyň köpüsiniň ilatyna welaýatda açylan «Altyn sähra» etrabyndan mellek ýer bermek üçin spisok ýazylandygyny, ýöne häzire çenli hiç kime täze etrapdan mellek ýeriniň berilmeýändigini aýdýarlar. «Ol ýerden mellek ýeri berlende-de ol ýerler ýaşar ýaly däl. Gamyşdyr hyşa basan meýdan. Ol ýerleri ekin eker ýaly taba getirýänçäň, ýene on-on bäş ýyl gerek» diýip, tagtabazarlylar gürrüň berýär.

Lebap welaýatynda açylan «Döwletli», Daşoguz welaýatynda açylan «Ruhubelent» etraplarynda bolsa suwuň, gazyň, toguň ýoklugyndan nalaýarlar. Mellek ýeri berlende-de garyp-gasara jaýly bolmak başartmaýar. Täze etraplarda häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän, ýewropa tipli, gymmat bahaly, owadan jaý salmaly.

Bank kredit berýärmi?

Beýle jaý üçin bolsa ummasyz pul gerek. Şol ummasyz puly banklardan kredit görnüşinde almaly, ýagny salynjak jaýyň eýesi, bank hem jaýy gurýan gurluşyk edarasynyň arasynda şertnama baglaşmaly. Bankdan alynmaly kredit şol şertnamanyň esasynda alynmaly.

Kredit hemmelere berilmeýär. Kredit almak üçin aýlykly işiň bolmaly. Özem ýöne-möne aýlyk däl-de, ep-esli aýlyklyja işiň bolmaly. Sebäbi gowy aýlyk alyp, bankdan jaý salmak üçin alynýan krediti otuz ýylyň dowamynda üzmeli.

Işsiz adamda kredit üzmäge pul bolanok. Şeýle bolansoň, täze etraplardan mellek ýer alyp, jaýly bolýanlaram ýene pully, wezipeli adamlaryň çagalary. “Garamaýak” ýene köne melleklerde, palçykdan jaý salyp, üstünem gamyş bilen ýapyp, pol ýerine palçyk suwap gün görýär. Mellek ýeke bolansoň, ine, şeýle palçyk jaýlaryň üstünde-de doganlar arasynda uly dawa turýar. Sebäbi çagaly, aýally bolnansoň her kim özbaşyna ýaşamak isleýär, çagalar sebäpli düşunişmezlikler kän ýüze çykýar.

Bankdan kredit alnaýan ýagdaýynda kredit alyjy alan kreditiniň bellije nyrhyny kredit berijilere bermeli. Bu pula «şapka» diýilýär. Kredit alyja «şapka» bermäge razydygy oňa heniz karz berilmänkä boýun aldyrylýar. «Şapka» bermek islemediklere kredit almaga ýagdaýy bolan halatda-da karz berilmeýär.

«Welaýatymyzda açylan täze etrapdan mellek ýer alyp, jaý salmak üçin Daşoguz welaýatynyň merkezi bankynyň başlygynyň garyndaşy, ilen-çalany bolmaly. Banklar şolardan başga kişilere kredit bermeýär» diýip, daşoguzlylar aýdýarlar.

Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG