Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýanyň polisiýasy konferensiýasynyň geçýän ýerinde protestçileri dargytdy


Düýn Daniýanyň polisiýasy Kopengagen şäherinde klimatyň özgermek meselesi boýunça geçirilýän halkara konferensiýasynyň geçýän ýerinde protestçileri dargytmak üçin göz ýaşardyjy gazlary we güýçli suw çüwdürimlerini ulandy.

Ýurduň habar serişdeleri bu wakada protestçileriň birnäçe toparynyň konferensiýanyň geçýän ýerine golaý ýerde barrikadalary dikip, soňra barrikadalara ot berendiklerini habar berýärler.

BMG-niň gurnamagynda klimatyň özgermek meselesine bagyşlanylyp geçirilýän bu konferensiýada ykdysady taýdan yzagalak döwletler bilen ösen döwletleriň arasynda atmosfera goýberilýän zäherli gazlary azaltmak meselesinde käbir ylalaşyklaryň göze ilýändigi habar berilýär.

Şu hepdäniň anna güni, ýagny bu konferensiýanyň iň soňky güni oňa dünýäniň ýüzden gowrak ýurdundan döwlet liderleri hem gatnaşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG