Düýn Birleşen Ştatlaryň ýörite barlag Komissiýasy Owganystanda korrupsiýa garşy göreş boýunça döredilen guramanyň bu ugurda talabalaýyk iş alyp baryp bilmeýändigi barada hasabat bilen çykyş etdi.
Birleşen Ştatlaryň ýörite barlag Komissiýasy, hususan-da, Owganystanyň bu hökümet guramasynyň düzüminde prezident Hamyt Kerzeýiň maslahatçylarynyň hem bardygyna ünsi çekmek bilen, beýle düzümdäki guramanyň korrupsiýa garşy adalatly iş alyp bilmejekdigini belledi.
Şeýle hem, bu Komissiýa korrupsiýa garşy göreşmeli guramanyň agzalaryndan köpüsiniň bu işde ýeterlik tejribileri bolmadyk we hat-da kompýuterleri ulanmakdan we zerur elektron maglumatlary toplamakdan başlary çykmaýan adamlardyklaryny belläpdir.
Owganystanda korrupsiýa garşy göreş boýunça bu gurama 2008-nji ýylyň iýulynda döredilipdi.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.