Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-ABŞ ýadro ýaraglary boýunça gepleşiklere ýanwarda başlar


Orsýet ABŞ bilen ýadro ýaraglary meselesi babatda alnyp barylýan gepleşiklere ýanwar aýynda gaýtadan başlanjakdygyny aýdýar.

Bu barada Orsýetiň Daşary Işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda “özara ylalaşylmaly meseleleriň entek köpdigi” aýdylýar.

Geçen anna güni prezident Medwedew geçirilen gepleşiklerden soň çykyş eden prezident Obama möhleti 5-nji dekabrda tamamlanan ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy baradaky ylalaşygyň ýerine täze ylalaşygy kabul edip bilmändiklerini aýdyp, bu meseläniň ýakyn wagtda çözüljekdigine ynam bildirdi.
XS
SM
MD
LG