Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisini goldaýandygyny aýdýar


Orsýet Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylmagyny goldaýandygyny beýan etdi.

Bu barada Orsýetiň wise-premýeri Igor Şuwalowyň aýdandygy dogrusyndaky maglumat Orsýetiň dürli habar gulluklarynda çap edildi.

Igor Şuwalow “Gümrük Bileleşigine hem GDA girýän ýurtlaryň infrastrukturasy näçe kämilleşen bolsa, şonça hem energiýa boýunça global howupsyzlygy üpçin etmek meselesine biz has köp goşant goşup bileris. Biz şeýle proýektleri goldýrys” diýip jenap Şuwalow belläpdir.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy 14-nji dekabrda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň prezidenti bilen bir hatarda Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem Özbegistanyň liderleri gatnaşdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG