Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dirilik çeşmesi


Her damjasy altyn dänesine meňzedilýän suw Türkmenistanda hakykatdan-da mugt. Suw üçin hiç hili töleg, salgyt ýok. Giden ekin meýdanlary, pagtaly, bugdaýly meýdanlar ine-gana suwarylýar.

Ýazda, güýzde, gyşda Türkmenistanda hiç hili suw gytçylygy duýulmaýar. Ýurduň içinden akyp geçýän Amyderýa, Tejen derýasy, Şabat derýasy, Murgap derýasy, Etrek derýasy suw bolçulygyny döredip durýarlar.

Geçmişde Ahal eteklerinde suw üstünde gan döküşilenem bolsa, Garagum kanalynyň çekilmegi diňe bir Ahal töwerekleriniň däl, eýsem, Balkan welaýatyna çenli bolan aralygyň suw meselesini çözdi. Öňler diňe düme (ýagyş suwuna ekin ekmek) ýagdaýynda ekin gögerden Gyzylarbat, Garrygala töwereginiň adamlary-da indi kanal suwundan haýyrlanyp, diňe gök ekin önümlerini däl, eýsem, pagta-da ekýärler.

Tomsuna welin, suw gytçylygy duýulýar. Munuň-da sebäbi bütin ýurt boýunça ekinleriň suwa ýakylýanlygy üçindir. Aýratyn-da, pagtaçylyga suw köp gerek. Tomsuna diňe bir daýhan birleşikleriniň ekinleri däl, eýsem, daýhanlaryň şahsy hojalyklaryndaky ekinler hem gije-gündiziň dowamynda suwarylyp durulýar. Şu ýagdaý sebäpli, Amyderýanyň suwy tomusda Daşoguz welaýatynyň deňine hut kanal suwy ýaly bolup, kä wagtlarda bolsa ýap suwy ýaly azalyp barýar. Suwuň ýalpaklygy hatda derýanyň düýbi görner ýaly derejä barýar. Adamlar derýanyň içine girip, arkaýyn balyk tutup, suwa düşüp bilýärler. Suwuň derejesi beýle pes ýagdaýa düşende ekinleri doly suwaryp bolanok.

Lebapda-da duýulýar

Derýanyň suwunyň pese gaçmasy Lebap welaýatynyň oba ilatynyň ekinleriniň-de bol suw içmesine päsgel berýär. Lebapda hem tomsuna suwuň azalmagy sebäpli, ekinlerini guradýan hojalyklar köp. Tomsuna suw ýa-ha Garagum kanalyna tarap köp akdyrylýar ýa-da goňşy Özbegistan döwleti suwy has köp alýar, kömründenmi ýa-da demrinden, garaz, soňky döwürler tomsuna suw gytçylygy ýüze çykýar.

Güýçli tehnikalaryň (suw sorýan motorlaryň) işe girizilmegi welaýatlaryň şäherlerinde, ýurduň paýtagtynda salynýan täze tipli, gatbar-gat jaýlara, hatda on bäş-on alty gatly jaýlara-da suwuň arkaýyn barmagyna şert döretdi. Sowet döwründe gurlan köp gatly jaýlarda welin, tomsuna suw gytçylygy bolýar. Ol jaýlarda suw sagatlaýyn akdyrylyp, uzak günüň dowamynda bolsa kesilip durýar. Suw sorujy motor gurdurýan maşgalalaryň üstünden goňşulary häkimlige arz edäýse, häkimligiň, öý uprawleniýesiniň işgärleri gelip, suw sorduryjy motor goýan maşgala jerime salyp, motoryny-da alyp gidýär.

Tomsuna suw meselesi şäher ýerlerinde «Kimsäge toý-baýram, kimsäge zulum» diýleni bolýar. Owadan dükanlaryň, myhmanhanalaryň öňlerinde ekilen güllerdir ter otly meýdanlary uly göwrümli şlangalar bilen suwaryp ýörenler-de bar, güllerini suwa gark edenlerinden soň suwy köçä sil kimin akdyryp goýýanlar-da bar, suw sorujy motorlaryny asla öçürmän, özünde bol suwuň baryna guwanyp, suwsuz kösenýän goňşusyna ýeňijiniň ýylgyryşy bilen ýylgyryp bakyp, köçesini, baglaryny suwaryp ýörenem kän, gije-gündiz krantyny ýapman, kanalizasiýasyna suw akdyryp goýýanam kän. Kimler bolsa, ýokarky gatlarda ýerleşýän öýlerine bedre bilen suw daşap gün görýärler. Kimi görüp gynanýarsyň, kimi görüp gaharyň gelýär.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG