Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inçekesel - sosial kesel


Türkmenistanda inçekeseliň ýaýramagy bilen bagly wakalar soňky günler uly alada goýýar. Ýurtda bu howply keseliň ýaýraýşy dogrusynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy häzirki wagtda pensiýada bolan medisina ylymlarynyň doktory, professor lukman bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hormatly professor, soňky birki ýyllykda inçekeseliň ýurtda howply derejede ýaýrandygy hakda gürrüňler bar?

Professor lukman: Türkmenistanda inçekeseliň ýaýramagy birki ýyllykda däl-de, mundan kän ýyl öň başlandy. Aslynda, inçekesel sosial kesel hasaplanýar. Haçanda ýurtda ykdysady krizisler başlanda, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri agyrlaşanda, bu kesel gaty tiz möçberde ýaýrap başlaýar. Kynçylykda, ýetde-gütde ýaşaýan maşgalalar bu kesele çalt ýolugýarlar.

SSSR-iň dargamagy bilen, GDA girýän ähli döwletlerde dezintegrasiýa sebäpli, ykdysady krizislere sezewar bolundy. Şu krizisiň başlanmagy bilenem, sosial keselleriň biri bolan inçekesel hem giň möçberde örňedi. Mysal alyp göräýeliň. Häzir inçekesel diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Ukrainada-da, Russiýa Federasiýasynda-da, Belarusda-da, GDA girýän döwletleriň başga-da birnäçesinde iň bir problema döredýän sosial keselleriň biri bolup durýar. Özem bu kesel, hut 1991-nji ýyldan soň, ýagny SSSR-iň dargamagyndan soň, howply ýagdaýda ýaýrap başlady.

Azatlyk Radiosy: Inçekesel nesilden-nesle geçýärmi?

Professor lukman: Inçekesel ýokanç keseldir. Ol hiç haçan nesil yzarlaýan däldir. Şu babatda türkmen mentalitetinde gaty nädogry düşünje henizlerem aýrylanok. Atasy inçekesel bolan oglana gyz bermekden, ejesi inçekesel bolan gyza öýlenmekden saklanmak düşünjeleri halkymyzyň arasynda häzirem bar. Ýöne bu nädogry düşünjedir. Inçekesel diňe bu keseliň açyk görnüşindäki hassalardan dem alyş ýollary arkaly sagat adamlara ýokaşýar.

Azatlyk Radiosy: Käbir ýurtlarda inçekesele garşy ýörite programmalar işlenilip taýýarlanylýar. Türkmenistanda bu howply keseliň garşysyna şeýle programmalar barmy?

Professor lukman: Bar. 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň işläp düzen DOTS programmasy boýunça işlenilýär. DOTS (Directly Observed Treatment Strategy)—bu Ambulatoriýa terapiýasynyň tizleşdirilen kursy diýmekdir. DOTS programmasy geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Aziýanyň hem-de Afrikanyň iň bir garyp döwletleri üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Azatlyk Radiosy: DOTS programmasynyň Türkmenistanda netijeliligini nähili derejede kesgitläp bolar?

Professor lukman: Bu programmanyň döwlet üçin arzan düşýänligi hakda söz ýok. Sebäbi DOTS programmasy hassalary bejermekde kän serişdäni talap etmeýär. Inçekeseliň açyk görnüşi bilen kesellän hassalar iki aý hassahanada ýatyrylyp, intensiw bejergi alýarlar. Şondan soň olar dört aýlap maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bejergilerini dowam etdirýärler. Ýöne bu programmany inçekeseliň garşysyna göreşmekde kämil programma hasap edip bolmaz.

Käbir myssallara ýüzlenip göräýeliň. DOTS programmasynyň synag edilen ýurtlary bolan Ugandada 40%, Bahreýnde 180%, Lýuksemburgda 23%, Norwegiýada 43%, Keniýada 43%, Tailandda 62% möçberinde inçekesel bilen kesellemeklik artdy. Türkmenistanda-da bu programma öz netijeliligini berenok. Ýurtda inçekeseliň ýaýramagy howply derejede artmagyny dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy: DOTS programmasynyň Türkmenistanda effektiniň pesligini näme bilen düşündirip bolar?

Professor lukman: Inçekesel juda agyr geçýän keseldir. Türkmenler bu kesele tüýs laýyk at tapypdyrlar diýse boljak. Inçeden gelýän kesel. Bu dert bildirmän gelýär. Şol sebäpdenem hassa keseli ötüşip, serhetden agýança, özüniň derde sataşanyndan bihabar bolýar. Inçekeseliň bejergisi gaty köp wagty talap edýär. Onuň diňe ýeňil görnüşinden saplanmak üçin azyndan ýarym ýyl gowurak wagt gerek. Bu bolsa hassalary köplenç halatda göwnüçökgünlige, depressiýa eltýär.

Soýuz döwründe inçekesel bilen kesellän hassalar tä bu dertden saplanýança, keselhanadan goýberilmezdiler. Häzir bolsa, DOTS programmasyna laýyklykda, inçekeseliň açyk görnüşi bilen kesellän hassalar bary-ýogy iki-üç aý hassahanada saklanylýar. Kesel ýapyk görnüşine geçensoň, olar öýlerine maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bejergi almaga goýberilýärler. Ýaňam aýdyşym ýaly, bu dert inçe kesel, mekir kesel. Diňe üç ýyldan soň hassa bu keselden doly saplandy diýlip anyk aýdyp bolýar. Şoňa çenli hassa inçekeseliň garşysyna yzygiderli antibiotikleri atyp durmaly.

DOTS programmasy boýunça goýberilen hassalar keselhanadan çykansoňlar, özlerini dertden saplanandyr hasap edýärler we olaryň köpüsi inçekeseliň garşysyna dermanlary atmaklaryny bes edýärler. Şu sebäpdenem, olar gaýra üzülýärler. Has-da beteri, olar inçekeseliň dermanlara uýgunlaşan görnüşini öz organizmlerinde emele getirýärler. Şeýle hassalar sagat adamy öz bakteriýalary bilen ýokaşdyran ýagdaýlarynda ilkinji gezek inçekesele ýolugandygyna garamazdan, olar bejerilmesi juda kyn hassa öwrülýärler.

Azatlyk Radiosy: Inçekeliň açyk we ýapyk görnüşi barada düşünje beräýseňiz?

Professor lukman: Inçekeseliň açyk görnüşi bolanda, ol hassanyň organizminden mikobakteriýalary daşyna bölüp çykarmagydyr. Şeýle hassalar jemgyýet üçin howply bolup durýar. Şonuň üçin inçekeseliň açyk görnüşindäki hassalar dessine hassahana ýerleşdirilýär we keseli tä ýapyk görnüşe geçýänçä jemgyýetden izolirlenýär. Kesel ýapyk görnüşe geçensoň, hassadan mikobakteriýalar daşyna bölünip çykmaýar, ýöne bu hassanyň heniz keselden doly saplandygy däldir.

Azatlyk Radiosy: Inçekesel bilen kesellän hassalara Türkmenistanyň keselhanalarynda bejergi almak şertleri nähili?

Professor lukman: Bu mesele häzirki wagtda iň bir wawwaly, hatda tragiki meseleleriň biri bolup durýar. 2003-nji ýylda ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazowyň görkezmesi bilen Aşgabatdan inçekesel hassahanasyny paýtagtdan daşyna göçürmek barada görkezme berildi. Şol wakalaryň içinde meniň özüm-de bardym. Biz inçekesel hassahanasynyň paýtagtdan daşyna göçürilmegiň nädogrulygy barada Saglygy goraýyş ministrliginiň wekillerine kän gezek düşündirjek bolduk, emma bolmady. Ministrligiň wekilleri buýrugyň ýokardan gelendigini, oňa hiç hili çäräniň boljak däldigini bize düşündirdiler.

2003-nji ýylyň ahyrynda paýtagtyň inçekesel hassahanasy doly ýapyldy. Onuň ýerine diňe Inçekeseliň öňüni alyş merkezi döredildi we bu ýerde ekstrennyý ýagdaýda gelen hassalar üçin bary-ýogy otuz orunlyk hassahana açyldy. Durnanyň üstüne urna diýlişi ýaly, 2004-nji ýylyň başynda Aşgabada ýakyn ýerde ýerleşen Gökje obasyndaky 120 orunlyk inçekesel hassahanasyny hem ýapdylar. Paýtagtda ýerleşýän iň uly inçekesel hassahanasyny hem-de Gökjedäki inçekesel hassahanasyny Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Duşak posýologyna göçürdiler. Duşak posýology bilen Aşgabadyň arasy bolsa 200 kilometrlik ýoldur.

Aşgabatda ýerleşen şol wagtky inçekesel hassahanasy özünde iň bir tejribeli ftiziatrlary, ýagny inçekesel lukmanlaryny jemleýärdi. Ýurduň beýleki welaýatlaryndaky inçekesel hassahanalarynda derdine em tapyp bilmedik hassalar hem bu ýere getirilerdi. 2003-nji ýylda hassahananyň ýapylmagy bilen, bu ýeriniň lukmanlarynyň üçden ikisi işden çykaryldy. Has elhenç tarapy bolsa, pensiýa ýaşy doldy bahanasy bilen işden çykarylan ftiziatrlar ýurtda iň bir tejribeli lukmanlardy.

Azatlyk Radiosy: Onda paýtagtyň inçekesel bilen kesellän hassalary nirede bejergi alýarlar?

Professor lukman: Aşgabat gaty gür ilatly şäher. Onuň bir milliona golaý ýaşaýjysyndan daşary myhmanlary hem ýetik. Ýurduň beýleki welaýatlaryna garanyňda, paýtagtda ilatyň ýaşaýyş şertleri ýagşy. Ýöne muňa garamazdan, şäherde inçekesele ýolugýan hassalar gün geldigiçe artýar. Olara bu dertden saplanmak üçin bolsa ýeke-täk hassahana bar, ol hem paýtagtdan 200 kilometr daşlykda ýerleşýän Kaka etrabyndaky Duşak posýologydyr.

Paýtagtdan inçekesel hassahanasynyň 2003-nji ýylda göçürilmeginiň düýp maksady Aşgabadyň ilatyny bu howply keselden daşda saklamakdan ybarat bolupdy. Şol wagtky uly wezipelileriň özboluşly pikiriçe, inçekeselli hassalar Aşgabatdan daşynda bejergi alsalar, onda şäher ilatyna bu keseliň ýokaşmagy minimallaşar öýdüp çaklanylypdy.

Emma şäherdäki iň uly inçekesel hassahanasynyň ýapylmagy özüniň juda ýaramaz netijesini berdi. Inçekesel derdine ýolugan paýtagtly hassalaryň köpüsi Aşgabatdan 200 kilometr uzaklykda ýerleşýän Duşakda bejerilmekden ýüz öwrüp başladylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş hakyndaky kanuna laýyklykda, jemgyýete howp döredýän keseli bolan hassalar öz isleglerine garamazdan, hökmany suratda bejergi alaýmalydyrlar. Şu kanuna laýyklykda, Duşaga gidip bejergi almakdan ýüz öwren hassalaryň köpüsi polisiýanyň kömegi bilen zorlukly ýagdaýda ugradylyp başlandy. Emma bu-da özüniň oňyn netijesini beribermedi.

Duşak şäherçesindäki inçekesel hassahanasy juda gözgyny ýagdaýda. Inçekesel bilen kesellän hassa iň bir köp kaloriýaly naharlary iýmeli. Ýokumly iýmit keseliň garşysyna kabul edilýän antibiotiklerdenem wajyp. Emma Duşakdaky hassahanada berilýän juda pes kaloriýaly iýmitler, ýaramaz şertler kesel sebäpli ozalam depressiýa düşen hassalary bu ýerden her edip, hesip edip öýlerine gaçmaga itergi berýär. Netijede paýtagtdan gelen hassalar keselhananyň lukmanlaryna para berip, bu ýerden gaçyp gidýärler.

Çala-çula bejergi alyp, öýlerine gelen hassalar bolsa wagtyň geçmegi bilen inçekeseliň dermanlara uýgunlaşan görnüşini organizminde emele getirýärler. Özlerem birnäçe wagtyň içinde daş-töweregindäkilere inçekeseliň iň bir agyr görnüşini ýokaşdyrýarlar.

Duşakdan gaçyp gelen hassalaryň köpüsi soňy bilen gaýra üzülýärler we keselden saplanyp bilmän, aradan çykýarlar. Elbetde, şeýle ýagdaýlar gaty gynandyryjydyr.

Azatlyk Radiosy: Paýtagtda gurulýan täze inçekesel hassahanasy hassalary bu problemadan halas edip bilermi?

Professor lukman: Häzir paýtagtyň eteginde ýerleşýän Çoganly posýologynyň töwereginde inçekesel hassahanasy gurlup dur. Ýöne özüňiz deňeşdirip görüň. Bu hassahana bary-ýogy 60 orunlyk. 2003-nji ýyla çenli paýtagtda işlän inçekesel hassahanasy bolsa 450 orunlykdy. Şonda-da hassalardan ýaňa boş ýer tapylanokdy. Meniň pikirimçe, täze gurulýan inçekesel hassahanasy paýtagtyň ýaşaýjylary üçin bejergi almak meselesini düýpli çözüp biler öýdüp pikir edemok. Sebäbi inçekesel häzirki wagtda 2003-nji ýyldaky bilen deňeşdireniňde paýtagtda has köp ýaýran.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, her ýyl türme tussaglygyndan on müňe golaý iş kesilenler azatlyga goýberilýär. Olaryň arasynda inçekesel bilen kesellänleriň prosent hasaby näçedir diýip çaklasa bolar?

Professor lukman: Prosent meselesinde anyk aýtmak kyn. Men inçekesel hassahanasynda işlän döwrümden mysal getiräýeýin size. Iş kesilenleriň azatlyga goýberilen wagtynda hassahana hyryn-dykyn dolýardy. Tussaglykdan boşap gelenler, esasan, Gäwers etrabynyň çäginde ýerleşýän Kalininsk diýip at alan hassahanada bejergi aldyrylýar. Olar keselden saplanynça, gözegçilikde saklanylýar. Ýöne olar aşa köplügi sebäpli, biziň hem hassahanamyza getirilýärdi. Eger prosent hasabyny çak bilen aýdanyňda, onda tussaglykdan boşap gelýänleriň 50 göterimi inçekesel bilen keselleýändir diýip aýdyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, inçekesel bilen keselleýänler, esasan, türmelerde tussaglykda bolup gelenler-dä.

Professor lukman: Elbetde, iň bir ýaramaz şertlerde tussaglykda bolýan bendileriň köpüsiniň inçekesel bilen keselleýändikleri düşnükli zat. Ýöne häzirki ýagdaýda bu kesel bilen keselleýänlere jemgyýetiň ähli gatlaklarynda hem duş gelinýär. Türme tussaglygyndaky bendilerden başga, LTP-lerde bejergi alýan neşekeşler hem bu derde tiz ýolugýarlar. LTP-lerde inçekesel juda köp ýaýrandyr.

Azatlyk Radiosy: Inçekesele garşy Türkmenistanda waksinasiýa çäreleriniň geçirilişi nähili?

Professor lukman: Häzirki wagtda çaga dogrulýan öýlerde çaga dünýä inenden üç günüň içinde inçekesele garşy waksina edilýär. Waksina 7 hem-de 14 ýaşly çagalara-da edilýär. Ýöne inçekeselden waksinasiýa arkaly doly gaçyp gutulmak mümkin däl. Köp ýurtlarda bu keseliň garşysyna waksinany ulanmak maksada laýyk hasap edilmeýär. Mysal üçin 2006-njy ýyldan başlap birnäçe döwletler bu waksinany ulanmagy düýbünden bes etdiler. ABŞ bilen Gollandiýa bolsa ony hiç haçanam tejribede ulanyp görmändir. Sebäbi inçekesele garşy waksina mama keseline garşy ulanylýan waksina ýaly 100 prosent effekti bermeýär. Immunitetiniň gowşan halaty adam, waksina edilendigine garamazdan, gönüden-göni bu kesel bilen kesellemeklik howpuna düşýär.

Azatlyk Radiosy: Biziň ýurdumyzda inçekesele garşy nähili dermanlaryň ulanylýandygy barada hem gürrüň beräýseňiz?

Professor lukman: Başda belläp geçişim ýaly, Türkmenistanda inçekesel DOTS programmasy boýunça bejerilýär. Bu programma boýunça bejergi alýanlar rifampisin, izoniazid, pirazinamid, etambutol antibiotikleri kabul edýärler. Bular, esasan tabletka, kapsula görnüşindedir. Mundan başga inçekesel üçin streptomesin antibiotigi hem ulanylýar. Bu güýçli antibiotik sanjym görnüşinde edilýär. Ol, esasan, keseli gaýtalap, gaýra üzülen hassalarda ulanylýar.

DOTS programmasynda bejergi alýanlar ýokarda agzalan tabletkalary (olar bolsa jemi 11-12 tabletka dagy bolýar) bir atymda kabul etmelidir. Hassa 12 sany güýçli antibiotigi bir sutkanyň dowamynda bir gezekde kabul etmeli. Şeýle ýagdaýda ol üç aýlap bejergi almaly. Diňe üç aýdan soň, hassa ýapyk görnüşli inçekesele geçensoň, onuň atýan antibiotikleriniň mukdary üç esse azaldylýar. Ýapyk görnüşe geçen hassalar ýene üç aýlap antibiotikleriň iki görnüşini profilaktika üçin günde kabul edip gezmeli. Ýöne bejergi munuň bilenem tamamlanmaýar. Inçekeselliler ýaz-güýs pasyllarynda iki aýlap, profilaktika bejergilerini dowam etdirýärler.

Elbetde, inçekeseliň özi agyr dert. Ýöne bu dertden saplanmak üçin kabul edilýän antibiotikleriň hem kähalatlarda dert üstüne dert getirýän halatlary bolýar. Güýçli antibiotikleriň uzakmöhletleýin kabul edilmegi sebäpli, hassalar bagyr keseline sezewar bolýarlar. Sary getirýärler.

Azatlyk Radiosy: Antibiotikler haýsy ýurtlardan getirilýär?

Professor lukman: Häzire çenli antibiotikleriň aglabasy Hindistandan getirilýär. Ýöne rifampisin bilen izoniazidi Türkmenistanda «Ajanta» firmasy hem gaplaýar.

Azatlyk Radiosy: Hormatly professor, biz size beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp minnetdarlyk bildirýäris.

Professor lukman: Sag boluň!
XS
SM
MD
LG