Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa sudy: “Bosniýa diskriminasiýa ýol berýär”


Sişenbe güni Ynsan hukuklary baradaky Ýewropa sudy Bosniýanyň kanunçylygynyň etniki ýewreýlere we syganlara saýlawlara gatnaşmaklygy gadagan etmek bilen, diskriminasiýa ýol berýändigi barada karar çykardy.

Strasburgdaky Ýewropa sudy Bosniýanyň Konstitusiýasynda berkidilen bu düzgüniň halkara normalaryna garşy gelýändigini bellemek bilen, bu meselede suda arza beren Bosniýanyň raýatlary Derwo Sejiç bilen Ýakob Finçiniň hem saýlawlar baradaky hukuklarynyň bozulandygyny aýtdy.

Bosniýanyň häzirki Konstitusiýasy diňe «ýerli köpçülik» diýlip hasaplanylýan ilatyň wekillerine, ýagny dini boýunça musulman bosniýalylara, prawoslaw hristianlar bolan serblere hem-de dini boýunça rim katolik hristianlary bolan horwatlara parlament hem-de prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga rugsat berýär.

XS
SM
MD
LG