Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karikatura žanryny aýaga galdyrmaga wagt ýetdi


"Tokmak" žurnalynyň 1984-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykan sanyndan. Karikaturany çeken: Nurmuhammet Berdiýew.
"Tokmak" žurnalynyň 1984-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykan sanyndan. Karikaturany çeken: Nurmuhammet Berdiýew.

Satiranyň karikatura žanry häzirki döwürde dünýede iň ýörgünli žanrlaryň biri. Aýratynam sözsüz çekilen karikaturalaryň çeperçilik gymmaty ýokary. Sebäbi şeýle karikaturalar edil saz sungaty ýaly, dünýäniň ähli halky üçin elýeterlidir, düşnüklidir.

Dürli döwletleriň dürli döwürdäki baştutanlary karikatura žanryna uly sarpa goýupdyrlar, onuň ösmegi üçin ýardam beripdirler.

Eýsem, karikatura žanrynyň Türkmenistandaky ýagdaýy nähili? Hernäçe gynansak-da, muňa: «Hiç hili!» diýip, jogap bermeli bolýarys. Hatda: «Örän gözgyny!» diýsegem, jogabymyz jüpüne düşmän durmaz.

“Tokmak” ýapyldy, karikatura-da tamam boldy

Häzir Türkmenistanda karikatura žanrynyň näjüre zatdygyna düşünmeýän nesil kemala geldi. Beýle ýagdaýyň ýüze çykmagy tebigydyr. 1994-nji ýylda «Tokmak» atly satiriki žurnalyň ýapylmagy bilen karikatura žanrynyň hem «gabry gazyldy». Sebäbi karikatura, esasan, şu žurnalda çap edilýärdi. Belli karikaturaçylaram, öwrenje karikaturaçylaram «Tokmagyň» töwereginde üýşýärdiler.

Indi görüp otursak, «Tokmak» žurnaly karikaturaçy hudožnikleri taýýarlaýan özboluşly mekdep eken! Mekdep ýapylansoň, karikaturaçy hudožnikleriň nesliniň arasynda uly boşluk galdy. Häzir aramyzda sag-gurgun ýaşap ýören karikaturaçy hudožnikleriň köpüsiniň ýaşy elliden, altmyşdan geçdi.

Ýaş nesliň arasynda karikaturaçy hudožnikler ýok diýerlikdir. Olaryň kemala gelmegi üçin hökman esas, baza gerek. Şol baza-da, gynansak-da, Türkmenistanda ýok.

«Esas», «baza» diýip, karikaturalary çykarýan gazetleri, žurnallary göz öňünde tutýarys. Karikaturalar düýbünden çap edilenok diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolar.

Sekizinji mart baýramçylygy, Täze ýyl mynasybetli käbir gazetleriň sahypalarynda manysy boýunça ýöntemje, özem sanaýmaly karikaturalar käte göze ilýär diýäýmeseň, maňzyňa batýan karikaturalara duşmak mümkin däl.

Onda näme etmeli?

Eýsem, Türkmenistanda karikatura žanrynyň ýitip gitmezligi, onuň gaýtadan döremegi üçin näme etmeli?

Ilkinji nobatda satira we ýumor neşirleri gerek. Zähmet çekip, aran çagyň degişmeleri okap, karikaturalary görüp, dynç alar ýaly gazetlerem, žurnallaram gerek. Hatda çagalar üçinem ýörite karikaturaly, degişmeli žurnal çykarmaly. Gülkiniň, degişmäniň adamyň ömrüni uzaldýanyny unutmalyň.

Ýurtda karikatura žanryny täzeden dikeltmek üçin edil şu wagt ýeterlik güýç, ýagny, karikaturaçy hudožnikler bar. Häzirden deprenilmese, onda ýene bäş-on ýyldan soň karikaturaçy hudožnikleriň hem möwriti öter. Ana, onsoň, ýaşlara halypa boljak karikaturaçy hudožnikleri daşary ýurtlardan gözlemeli bolarys.

Karikatura žanryny ösdürmek üçin başga-da çäreler bar. Munuň üçin ilkinji nobatda, hususy gazetleri, žurnallary karikaturaçy hudožnikleriň çeken suratlarynyň özbaşdak ýygyndylaryny çapdan çykarmagy we beýlekileri ýola goýup bolardy. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG