Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Gazagystana media azatlygy boýunça çagyryş etdi


Çarşenbe güni Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň media azatlygy boýunça ýörite wekili Mikloş Harasti Gyrgyzstanyň häkimiýetlerini metbugat azatlygyna gysyş görkezmeklerini bes etmeklige çagyrdy.

Bu barada Gyrgyzstanyň daşary işler ministriniň adyna ýazan hatynda Mikloş Harasti Gyrgyzstanda žurnalistlere garşy ulanylýan zorluk çäreleriniň soňky aýlar has hem artandygyny nygtapdyr we Gyrgyzstanyň hökümetini bu ugurdaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagyny açyk boýun almaklyga hem-de bu jenaýatçylyklara adaty jenaýatçylyk hökmünde baha bermekligi bes etmeklige çagyrypdyr.

Gyrgyzstanly žurnalistlere garşy nobatdaky zorluk çärelerinden birem 14-nji dekabrda žurnalist Gennadiý Pawlýugyň janyna kast etmek üçin amala aşyrylan hüjüm boldy.

Bu hüjümden bir hepde töweregi wagt geçenden soň, Gennadiý Pawlýuk huşuna gelmän, düýn koma ýagdaýynda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG