Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bikanun kireý hiç kimiň bähbidine-de däl


Geçen asyryň ahyryndan başlap, Türkmenistanda dörän işsizlik adamlary gazanç ugrunda her gapylara eltdi. Öz hususy ulagy bolanlaryň tas ählisi diýen ýaly eklenç üçin kireý etmek bilen meşgullanyp başladylar.

Paýtagtda aýlyk-günlükli işleýänler köp bolansoň, Aşgabada ýurduň beýleki welaýatlaryndan hem hususy awtoulaglarynda gazanç üçin kireý etmäge gelýänler juda köp. Hususy awtoulaglarynda kireý edýänleriň juda artmagy netijesinde döwlete degişli taksiparklar öz-özünden batyp galdylar.

Taksiparklaryň girdejesiz pudak bolup galmagyna häkimýet köp wagtlap üns bermedi. Taksi üçin ne täze maşynlar alyndy, ne-de hatardan çykýan ulaglara ätiýaçlyk şaýlary. Sebäbi döwletiň taksilerinde ýol nyrhynyň tarifi hususy awtoulaglaryň alýan nyrhyndan iki essedenem artyk bolýardy. Şonuň üçin-de ýolagçylar arzan taksileri saýlaýardylar. Hojalyk hasaplaşygynda dolandyrylýan taksiparklar girdejileriň az gelýänligi zerarly, özleri hem ulaglaryny täzeläp bilmeýärdiler. Hususy kireýçileriň ýol nyrhynyň arzan bolmagynyň sebäbini bolsa, müşderi gözläp kireýe çykýan ulaglaryň ýolda aşa köplügi bilen düşündirip bolar.

Aşgabatda taksiniň hyzmatyndan peýdalanmak üçin gaty köp harajat gerek bolup duranok. Ortaça nyrh on müň manat (Täze pulda iki manat). Şu sebäpdenem paýtaglylaryň köpüsi, hususanam ýaşlar, awtobusa münenden, taksiniň hyzmatyndan peýdalananlaryny gowy görýärler.

Kireý edýänler üç topar

Hususy awtoulaglarynda kireý edýänleri üç derejä bölse bolar:

Olaryň birinjisi, çöregini diňe kireý etmekden gazanýanlar. Ýagny gije-gündiz ulaglarynda kireý edip, gazanç edýänler;

Ikinjisi, esasy işiniň daşyndan boş wagtlary kireý edýänler;

Üçünjisi bolsa işden gaýdyp barýarka «benzin pulum» diýen düşünjede günüň dowamynda bary-ýogy birki ýolagçyny düşürýänler.

Umuman alanyňda, paýtagtda ýöreýän awtoulaglaryň üçden ikisinde kireý edilýär diýip aýdyp bolar. Ýöne esasy bellemeli zat welin, kireý bilen meşgullanýanlaryň 90 prosentiniň bikanun hereket edýänligidir. Hususy awtoulaglarynda kireý edýänleriň aglabasy alýan girdejilerinden döwlete asla salgyt tölemeýärler.

Salgyt gullugy “awa” çykdy

Soňky birki ýyllykda Döwlet salgyt gullugy bikanun kireý edýänleriň «awuna» hem çykyp ugrady. Salgyt gullugynyň işgärleri esasan, jygyllyk bazarlarynda, şäheraralygyna gatnaýan taksileriň üýşýän ýerlerinde kireý edýänleriň patentlerini yzygiderli barlap başladylar. Patentleri bolmadyklar bolsa jerime edýärler.

Ýöne Döwlet salgyt gullugynyň işgärleriniň bujagaz hereketleri bikanun kireýi doly ýeňmekden asgynrak gelýäne meňzeýär. Sebäbi gullugyň işgärleri az, kireý edýänler bolsa juda kän.

Dogrusy, awtoulagda kireý etmek üçin patent tölegi beýle bir gymmadam däl. Bir aý üçin 200 müň manat (täze pulda 40 manat) tölemeli. Ýöne şonda-da sürüjiler patent açdyryp, kanuny ýagdaýda kireý etmäge, nämüçindir döwtalap bolmaýarlar.

Patentli ýagdaýda kireý etmeklik köp babatda sürüjä bähbitlidir. Çünki taksiniň hyzmatyndan her jüre adamlar peýdalanýarlar. Olaryň arasynda jenaýatkärler hem bolup bilýär. Kireý etmäge rugsady ýok halynda jenaýatkäri bilmezden öz ulagyna müşderi hökmünde mündürip, özüňiň-de jenaýatkäre şärik hökmünde ýanalan sürüjiler kän bolupdy. Şonuň üçin bikanun kireý etmek döwlete-de, hususy kireýkeşe-de bähbitli däl.

Ýöne hususy awtoulagynda patentsiz kireý edýänleriň bikanun hereketine döwlet hem birneme göz ýumýana meňzeýär. Sebäbi ýurtda şeýle-de işsizlik ýokary derejede. Onsoň kireýçileri iň soňkuja gazanç çeşmesindenem kesäýseň, bu meseläniň soňunyň has-da bulaşaýmak howpunyň bardygyna häkimýetler düşünýäne meňzeýär.

Şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG