Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Gyrgyzstandaky žurnalistlere edilýän hüjümlere alada bildirýär



Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzstandaky ilçihanasy bu ýurtdaky žurnalistleri we syýasy kommentatorlary nyşana alýan rehimsiz wakalara alada bildirip, ýörite beýanat ýaýratdy.

Beýanatda aýratynam ýakynda janyna kast edilip öldürilen gyrgyzstanly žurnalist Gennadiý Pawlýugyň ölümi bilen baglanyşykly ýagdaýa üns çekilipdir.

Žurnalist Gennadiý Pawlýuk soňky wagtlar Gyrgyzstanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew we onuň hökümeti barada ýiti tankydy makalalar bilen çykyş edip gelipdi.

Amerikan ilçihanasy öz beýanatynda Gennadiý Pawlýugyň maşgala agzalaryna aýratyn gynanç bildirip, ýurduň häkimiýetlerini bolsa žurnalistlere we syýasy kommentatorlara garşy amala aşyrylan hüjümler boýunça gyssagly we düýpli derňewleri geçirmeklige çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG